Yragyň demirgazygynda terror guramasy PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygynda dowam edýän Penje-Gulp operasiýasy sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1846099
Yragyň demirgazygynda terror guramasy PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda: "Terrora we terrorçylara garşy göreşimiz tutanýerlilik, erjellik we ýokary motiwasiýa bilen dowam edýär. Gahryman esgerlerimiz Yragyň demirgazygynda dowam edýän Penje-Gulp operasiýasy sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 5 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi" diýip habar berildi. 

Beýleki tarapdan Siirt welaýatynyň Perwari etrabynyň Herekol Dagy diýilýän ýerinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Içeri işler ministrliginden berilen beýanatda, Eren Gabaw-17 operasiýasynyň çäginde ekstremist terror guramasyna agza 2 terrorçynyň ellerindäki ýaraglary we enjamlary bilen bilelikde täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi. 

Beýanatda sebitdäki operasiýalaryň dowam edýändigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar