Erdogan: "NATO bir howpsuzlyk guramasydyr, goldaw berýän bir gurama däldir" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalygy bilen bagly: "NATO bir howpsuzlyk guramasydyr, goldaw berýän bir gurama däldir" diýip belledi

1840190
Erdogan: "NATO bir howpsuzlyk guramasydyr, goldaw berýän bir gurama däldir" diýdi

Prezident Erdogan we Wenesuelanyň Döwlet baştutany Nikolas Maduro, düýn paýtagt Ankara şäherindäki Prezidentiň Kompleksindäki ikiçäk we toparara gepleşiklerden soň geçirilen gol çekilşik dabarasynyň yz ýanyndan metbugat ýygnagyna gatnaşdylar. 

Metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap beren Prezident Erdogan: "NATO agza bolmak üçin ýüz tutan we Türkiýäniň goldawyna mätäç bolan Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň liderleriniň siz bilen duşuşyk geçirmek üçin talaplary boldumy? Entek talap gelmedik bolsa, gelen halatynda siziň jogabyňyz nähili bolar?" soragyna: "Şuňa ilki bilen gowy göz ýetirmegimiz gerek. NATO bir howpsuzlyk guramasydyr, goldaw berýän bir gurama däldir. Häzirki wagtda Şwesiýa bilişiňiz ýaly PKK, PÝD/ÝPG ýaly ähli terror guramalarynyň arkaýyn hereket edýän bir ýurt ýagdaýynda. Hatda ýurdyň parlamendiniň içinde hem terrorçylar bar we şol terrorçylaryň parlamentleriniň içinde bar bolduklary saýyn we köçelerinde, Stokgolmda bu terror guramalary dowamly häsýetde, terror guramanyň liderleriniň suratlary bilen aksiýalar geçirdikleri saýyn we ony hem Şwesiýanyň Polisiýa gullugynyň işgärleriniň kepilligi astynda geçirdikleri saýyn, Şwesiýanyň Döwlet telewideniýesinde terrorçylaryň liderleriniň, esasan hem beýannamalary görkezildigi saýyn biz olara Dowam ediň diýip bilmeris. Geliň NATO agza boluň diýip bilmeris. Şol bir meseleler Finlýandiýa üçin hem öz güýjüni goraýar. Gynansagam Finlýandiýa hem häzirki wagtda şoňa meňzeş ençeme gurluşyň içinde" diýip jogap berdi.

Türkiýäniň Gresiýanyň we Fransiýanyň NATO agzalyklary tapgyrynda başyndan geçiren meselelerini, Şwesiýa we Finlýandiýa bilen ýaňadandan başyndan geçirmek islemeýändigini aýdan Prezident Erdogan: ""Gresiýa NATO-nyň düzüminden çykypdy, girmegine bizden öňküler rugsat berdi. NATO-nyň düzümine ýaňadandan girdi. Fransiýa hem täzeden goşuldy. Näme boldy? Indi bolsa 5+4, ýagny 9 amerikan bazasy nirede guruldy? Gresiýada guruldy. Bolýar, şol bazalar kime garşy guruldy? Berýän jogaplary şu: Russiýa garşy diýärler. Biz ynanamzok, gaty görmesinler" diýip nygtady. 

Wenesuelanyň Döwlet baştutany Nikolas Maduro hem Türkiýäniň uly mümkinçilige eýedigini we dünýäde möhüm rol oýnaýandygyny beýan etdi. 

Türkiýäniň uly syýasy täsiriniň bardygyny aýdan Maduro: "Biz şolar ýaly görýäris, biz şolar ýaly pikir edýäris däl, ondan aňarda bir hakykat bu. Türkiýe örän uly mümkinçilige eýe. Täzeden dogulan dünýä üçin uly bir mümkinçilik" diýip belledi. 



Degişli Habarlar