“Ýurdumyzyň Halkara Derejesindäki Resmi Ady "Türkiye" Görnüşinde Ykrar Edildi”

Prezident R.T.Erdogan Ministrler Kabinetiniň Mejlisinden soň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça beýannama berdi.

1838943
“Ýurdumyzyň Halkara Derejesindäki Resmi Ady "Türkiye" Görnüşinde Ykrar Edildi”

Erdogan: “Ýurdumyň halkara derejesindäki resmi ady "Türkiye" hökmünde ykrar edildi” diýdi.

Prezident Erdogan geçen hepde BMG-de Türkiýäniň halkara derejsindäki adyny “Turkeyden” Türkiýä öwrendiklerini beýan edip; “Mundan beýläk ýurdumyzyň ähli halkara hyzmatdaşlary, öz guramadyr-edaralarymyz, raýatlarymyz buýsanç bilen döwletleriniň adyny "Türkiye" hökmünde beýan edip bilerler. Mundan beýläk ähli resminamalarda döwletiň ähli guramalary bilelikde “Turkeý” diýilýän frazany ulanmaz. “Türkiye” adyny ulanarlar. Şu gün Ministrler kabinetiniň mejlisinde bu barasynda karar kabul etdik. BMG-de hem mundan beýläk bu resminama gün tertibine alyndy” diýdi.

Howanyň üýtgemegi bilen ýangynlar, siller, tüweleýler ýaly tebigy apatlara garşy netijeli göreşmek üçin täzeçe çemeleşýändiklerini aýdan Erdogan, Türkiýäniň dünýäde tokaý meýdanlaryny giňeldýän seýrek ýurtlardan biridigini mälim etdi.

Dünýäniň gelejeğinde eýe bolan ähmiýeti sebäpli 2053-nji ýyla çenli bolan döwür üçin kabul edilen maksatnamada howanyň üýtgemegine garşy göreş boýunça meýilnamanyň esasy orun tutýandygyny aýdan Prezident Erdogan, Howa geňeşiniň mejlisini geçirendiklerini, ähli pudaklaryň alyp barjak işlerini kesgitländiklerini, “howa kanununy” taýýarlandyklaryny beýan etdi.

Erdogan şol çäkde energetikada, gün we ýel energiýasyna goýulýan maýa goýumlaryň mukdaryny hem artdyrandyklaryny aýtdy.



Degişli Habarlar