Prezident Erdogan Malili Kärdeşi Goýta Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlşk Geçirdi

Iki kärdeş Türkiýe bilen Maliniň arasyndaky gatnaşyklar we sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

1837539
Prezident Erdogan Malili Kärdeşi Goýta Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlşk Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, Maliniň Wagtlaýyn Prezidenti Assimi Goýta bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen Maliniň arasyndaky gatnaşyklar we sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan, Malidäki syýasy geçiş etabyna goldaw bermäge dowam etjekdiklerini nygtady.

Türkiýe hökmünde Maliniň terror guramasyna garşy alyp barýan göreşine goldaw bermäge dowam edýändiklerini nygtan Prezident Erdogan, Maliniň hem edil şonuň ýaly Türkiýäniň terrora garşy alyp barýan göreşine goldaw bermegine garaşýandyklaryny we Fetullahçy terror guramasynyň Malidäki işleriniň bes edilmelidigini belledi.

Prezident Erdogan iki ýurduň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi üçin tagalla etjekdiklerini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar