MHG tarapyndan Yrakda möhüm operasiýa geçirildi

Beýanatda terrorçylar üçin ne Siriýanyň ne-de Yragyň demirgazygynyň howpsyz däldigi aýan edildi

1836760
MHG tarapyndan Yrakda möhüm operasiýa geçirildi

Türkiýäniň Milli Howpsuzlyk gullugynyň (MHG) Yragyň demirgazygyndaky Süleýmaniýe şäherinde geçiren operasiýasynda, ekstremist terror guramasy PKK-nyň ýolbaşçylarynyň biri bolan Mehmet Dogan täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Howpsuzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä, MHG Yrakda geçirilen gury ýer operasiýasyndan soň front liniýasyndan uzakda ýerleşýän Mahmur we Kerkük ýaly ýerleriň PKK üçin howpsyz bir ýer aýratynlygyna eýe bolandygyny anyklady. 

Şol çäkde Jemjemalde PKK-nyň Kerkük frontyndan jogapkär ýolbaşçysy "Dylhaz Gabar" adyny ulanýan Mehmet Dogan geçirilen operasiýa bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

MHG gysga wagt ozal bolsa guramanyň ýolbaşçylarynyň biri bolan "Ahmet Rubar" adyny ulanýan Mehmet Erdogany täsirsiz ýagdaýa getiripdi. 

Beýleki tarapdan bolsa Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi Yragyň demirgazygyndaky Penje-Gulp operasiýasy sebitinde anyklanan PKK-a agza 5 terrorçynyň howa operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi. 

Beýanatda terrorçylar üçin ne Siriýanyň ne-de Yragyň demirgazygynyň howpsyz däldigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar