Erdogan: Terrorçylaryň Hinlerine Girip, Olary Gömmäge Dowam Ederiz

Prezident R.T.Erdogan terrorçylaryň hinlerine girip, olary gömmäge dowam etjekdiklerini beýan etdi.

1836809
Erdogan: Terrorçylaryň Hinlerine Girip, Olary Gömmäge Dowam Ederiz

Prezident Erdogan paýtagt Ankarada Beştepe Millet maslahatlar we medeniýet merkezinde 53-nji TÜBİTAK liseý okuwçylarynyň ylmy-barlag taslamalarynyň fnal bäsleşiginde we baýrak gowşurlyş dabarasynda çykyş etdi.

Erdogan çykyşynda terrorizme garşy göreş hakynda durup geçipdi.

Türkiýä syğynan 195 azerbaýjan sowet esgeriniň 1945-nji ýylda deňderejelilik kadasyna laýyklykda Sowet Soýuzyna yzyna berilmeginden soň Ygdyr welaýatyndaky Boroltan köprüsinde edilen gyrgynçylygy ýatladan Erodgan, esgerleriň düşmanlar tarapyndan şehit edilendigini gürrüň berip; “Bu ýurt, şeýle wakalary başdan geçirdi. Biz bularyň gaýtalanmagyny islemeýäris. Bu ýurtda Boraltan köprüleriniň bolmagyny islemeýäris. Biz; häzirki wagtda Judide, Gabarda, Tendürekde, Besler deresinde PKK terrorçylarynyň hinlerine girip, olary ýok edýän bolsak, gömmäge-de dowam ederis. Şehitlerimiz bar, hawa. Emma şehitlerimizden 10,15, 20 esse ýok edilýän terrorçylar bar” diýdi.

Ýaşlaryň bilimi hakynda-da durup geçen Prezident Erdogan, ýaşlaryň diňe bir bilimine däl, eýsem akyl we fiziki ösüşine hem üns Bermekleri üçin ähli tagallany edýändiklerini nygtap; “Ylmy barlaglara berýän goldawdan ylmy merkezlere, stipendiýalardan fetiwallara, laboratoriýalardan ylmy dabaralara çenli ýaşlarymyzy ylmy-barlaga ysnyşdyrjak ähli tagallany edýäris” diýdi.

Erdogan bilimin ähli ugurlarynda ýurtda taryhy başlangyçlary iş ýüzüne geçirendiklerini aýtdy.

 



Degişli Habarlar