Prezident Erdogan, Russiýanyň Döwlet Ýolbaşçysy Putin Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Erdogan bilen Putin Türkiýe-Russiýa gatnaşyklary bilen birlikde Ukraina-Russiýa söweşiniň başda durmagynda sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

1834927
Prezident Erdogan, Russiýanyň Döwlet Ýolbaşçysy Putin Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan bilen Putin telefon söhbetdeşliginde, Türkiýe-Russiýa gatnaşyklary bilen birlikde Ukraina-Russiýa söweşiniň başda durmagynda sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan, telefon söhbetdeşliginde, Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky parahatçylyk gepleşikleriniň gysga wagtda ýaňadandan başlamalydygyny we söweşiň ýaramaz täsiriniň azaldylmalydygyny belledi.

Prezident Erdogan, iki tarap hem islän halatynda, Stambulda Russiýanyň, Ukrainanyň we BMG-nyň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşygyň geçirilmegi we synçy rolyny öz üstlerine almaga taýardyklaryny nygtady.

Siriýada ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň Türkiýä we Siriýaly asuda ilata garşy guraýan hüjümleriniň dowam edýändigine ünsi çeken Prezident Erdogan, 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda Türkiýe serhedinden başlap 30 kilometrlik meýdanda terrordan saplanan zolagyň döredilmändigini we şol zolaklaryň howpsyz ýagdaýa getirilmeginiň zerurdygyny belledi.

 

 

 



Degişli Habarlar