ÝPG-ni Näme Sebäpden Terror Sanawyna Goşmaýaňyz?

Prezident R.T.Erdogan Stambulda žuralistleriň soraglaryna jogap berdi.

1829787
ÝPG-ni Näme Sebäpden Terror Sanawyna Goşmaýaňyz?

R.T.Erdogan ekstremist terror guramasy “terror guramasy” hökmünde ykrar edýän ÝB-ne we ABŞ-na “Eýsem PKK-nyň Siriýadaky bölegi ÝPG-ni näme sebäpden terror guramasy hökmünde ykrar etmeýärsiňiz” diýip sorady.

Erdogan terrorizme garşy alynyp barylýan göreş hakynda soraga jogap berip; “ÝB-niň PKK-ny terror guramasy hökmünde ykrar etmegini indi başgaça düşündirmäge synanşýarlar. Terror guramasy hökmünde ykrar edýändiklerini aýtdylar. Eýsem ÝPG-ni näme üçin terror guramasy hökmünde ykrar edeňizok? ÝPG, PKK-nyň döreden terror guramasy. ABŞ bilkastlaýyn olar bilen aragatnaşyk saklap, olara ençeme şert döredýär. Germaniýanyň başda durmagynda Şwesiýanyň, Fransiýanyň, ählisiniň şol terror guramalary ähli aksiýany guraýarmy, guraýar. Olary biz olaryň özlerine ikiçäk duşuşyklarymyzda aýtdyk, delillerini berdik. Serediň, bular terror guramasy, eden jenaýatlary mälim. Yrakda Kandili özleri üçin merkeze öwürmekleri PKK/ÝPG-niň inkä edilmesiz terror aksiýasydyr. Emma günbatar gynansagam bulary gizleýär. Beriň bize şol terrorçylary diýenimizde bolsa, berenoklar. Näme etmeli bolsa, degişli çäreleri görmäge dowam ederis” diýdi.

Erdogan Şwesiýanyň we Finlandiýanyň NATO agzalyk tapgyry hakynda bolsa; “Şu günki gün Gollandiýanyň Premýer-ministri Mark Rutte bilen giňişleýin pikir alyşdyk. Ertir Britaniýanyň, Britaniýanyň gepleşik geçirmek islegleri bar. Şonuň ýaly hem NATO-nyň Baş Sekretary Stoltenberg bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçireris. Telefon diplomatiýasyny bökdemezlik üçin gepleşiklerimizi dowam etdireris. Şol terror guramalarynyň ähli delilnamalary bizde, onuň ejirini biz çekýäris. NATO-nyn terrorizme garşy garaýyşyny bilýäris. NATO şeýle terror guramasynyň kabul edilmegine “kabul sesini” bermeris. Şwesiýa we Finlandiýa üçin birmeňzeş pikir edemok. Öz mejlislerinde olara çykyş etdirýärler, şert döredýärler, ýarag, ok-däri berýärler. Gaty görmesinler, şol terror guramalarynyň NATO goşulmagyny kabul etmeris” diýdi.



Degişli Habarlar