Erdogan, Baýdeniň Sözlerine Reaksiýa Bildirdi

“Jenap Baýden, Ermeniler bilen bolan taryhy gowy bilmeli. Taryhy bilmän Türkiýä garşy tutum alyp barmagyny bagyşlamagymyz mümkin däl”

1817923
Erdogan, Baýdeniň Sözlerine Reaksiýa Bildirdi

Prezident R. T. Erdogan, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar hakyndaky beýannamasyna garşylyk görkezdi.

Erdogan “Jenap Baýden, Ermeniler bilen bolan taryhy gowy bilmeli. Taryhy bilmän Türkiýä garşy tutum alyp barmagyny bagyşlamagymyz mümkin däl” diýdi.

Paýtagt Ankarada Prezidentiň Kompleksinde geçirlen Ministrler kabinetiniň mejlisinden son metbugata beýannama beren Erdogan, 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar barada berlen beýannamalar barada durup geçdi.

“Galisiýadan Liwiýa çenli uzap gidýän giň geografiýalardaky söweşlerimiziň hiç birinde bizi utandyrjak waka başdan geçirilmedi” diýen Prezident Erdogan, dürli ýurtlaryň hökümetleri we parlamentleri tarapyndan toslama ermeni garaýyşlary hakyndaky sözleriň Türkiýe tarapyndan ýok hökmünde kabul edilýändigini nygtady.

Şol çäkde ABŞ-nyň Prezidenti Baýdeniň 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar hakyndaky beýannamasynda garşylyk görkezen Prezident Baýden, “Jenap Baýden, ermeniler bilen bolan taryhy gowy bilmeli. Taryhy bilmän Türkiýä garşy durmagyny bagyşlamagymyz mümkin däl” diýdi.



Degişli Habarlar