Yragyň demirgazygynda köp mukdarda ok-däri ele salyndy

Yragyň demirgazygynda geçirilen operasiýada ekstremist terror guramasy PKK-a degişli köp mukdarda ok-däri ele salyndy

1813245
Yragyň demirgazygynda köp mukdarda ok-däri ele salyndy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, terrorçylaryň Yragyň demirgazygyndaky ýerlerine garşy geçirilýän operasiýalaryň arakesmesiz dowam edýändigi mälim edildi. 

Komandos güýçleri tarapyndan geçirilen gözleg we saplaýyş işleriniň çäginde gowaklaryň birinde operasiýanyň geçirilendigi bellenen beýanatda, pyýada tüpeňiň 36 müň 950 ok-därisi, pulemýodyň 9 müň 680 ok-därisi, AP1-iň 356 sany ok-därisi, 48 sany 6-ly granat atyjy enjamyň ok-gärisi, doçka pulemýodyň 46 sany ok-därisi bilen we taňka garşy 9 sany raketa därisi ele salynandygy habar berildi. 



Degişli Habarlar