Hulusi Akar ukrainaly kärdeşi Reznikow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Ukrainanyň Goranmak ministri Oleksii Reznikow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1813215
Hulusi Akar ukrainaly kärdeşi Reznikow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanata görä, telefon söhbetdeşliginde Hulusi Akar tarapyndan Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda iň gysga wagtda ylalaşygyň yglan edilmeginiň ähmiýetini belläp geçdi. 

Hulusi Akar Türkiýäniň raýatlarynyň we asuda halkyň gury ýerden we deňizden ewakuasiýasynyň amala aşyrylmagy, Ukrainanyň portlarynda garaşdyrylýan söwda gämileriniň howpsuz ýagdaýda Türkiýä ugradylmagynyň üpjün edilmegi ýaly meseleleri nygtap geçdi. 

Hulusi Akar mundan başgada Türkiýäniň Ukraina ynsanperwer kömek babatynda öz üstüne düşýän jogapkärçiligi ýerine ýetirmäge dowam etjekdigini habar berdi. 



Degişli Habarlar