Stambul Howa Menzili Howa Gatnawynda Ikinji Orny Eýeleýär

Stambul howa menzili halkara ýolagçy gatnawynda 26,5 million ýolagçy bilen dünýäde ikinji orny eýeledi.

1811244
Stambul Howa Menzili Howa Gatnawynda Ikinji Orny Eýeleýär

Halkara Howa menziller geňeşiniň beýan eden 2021-nji ýylyň “Dünýänin in gelim-gidimli 10 howa menzili” we “Halkara ýolagçy gatnawy” görkezijilerine görä Stambul howa menzili halkara ýolagçy gatnawy boýunça 26,5 million ýolagçy bilen dünýäde ikinji orny eýeledi.

Stambul howa menziliniň dolandyryjysy İGA-dan berilen beýannama görä geňeş tarapyndan 2021-nji ýylyň görkezijilerine laýyklykda “Dünýäniň iň gelim-gidimli 10 howa menziliniň” sanawyny çap etdi.

ABŞ-da ýerleşýän Atlanta Hartsfild-Jekson howa menzili 2021-nji ýylda ýolagçy sany bilen dünýäniň iň gelim-gidimli howa menzili bolmaga dowam etdi.

Howa menzili geçen ýyl 76,4 göterim artyş bilen 75,7 million ýolagçy gatnatdy.

Sanawda 62,5 million ýolagçy gatnadan Dallas/Fort Wort halkara howa menzili ikinji, 58,8 million ýolagçy gatnadan Denwer halkara howa menzili bolsa üçünji orny eýeledi.

Geçen ýylyň iň gelim-gidimli 10 howa menzilinden 8 sanysy ABŞ-da, 2 sanysy bolsa Hytaýda ýerleşýär.



Degişli Habarlar