Türkiye-ABŞ Strategik Mehanizmi Ankarada Başladyldy

Bu barasynda Daşary işler ministrliginiň beýannamasynda habar berilýär.

1807258
Türkiye-ABŞ Strategik Mehanizmi Ankarada Başladyldy

Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada Türkiye-ABŞ Strategik Mehanizmi hakynda bilelikdäki metbugat beýannamasynda; “Hormatly Prezidentimiz R.T.Erdogan bilen ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň arasynda oktýabr aýynda Rimde geçirilen duşuşykda gazanylan ylalaşyga laýyklykda Türkiye-ABŞ Strategik Mehanizmi 2022-nji ýylyň 4-nji aprelinde Ankarada başladyldy” diýilýär.

Şol çäkde Daşary işler ministriniň orunbasary, Baş ilçi Sedat Önalyň ABŞ-nyň döwlet Sekretarynyň Syýasy işlerden jogapkär orunbasary Wiktoria Nuland bilen düýn paýtagt Ankarada geçiren toparara duşuşykda ykdysady we goranyş ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmek, terrorizme garşy göreş, sebitleýin we global meseleler bilen bilelikde iki ýurduň bähbitlerini birleşdirýän ugurlaryň seljerilendigi nygtalyp; “Türkiye we ABŞ, Ukrainanyň özygtyýarlylygynyň hem-de territorial bitewiliginiň goralmagy boýunça kepilliklerini ýene-de bir gezek nygtadylar. ABŞ, Türkiye Respublikasynyň söweşe adalatly hem-de diplomatik çözgüý tapylmagyny ýeňilleşdirmek maksady bilen edýän tagallalaryna kanagatlanma bildirýär” diýilýär.

ABŞ-nyň Söwda ministriniň orunbasary Marisa Magonuň hem Strategik mehanizmiň ykdysady hem-de söwda ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin aprl aýynyň 5-6-sy aralygynda paýtagt Ankara sapar etjekdigi beýan edilip, Türkiye bilen ABŞ-nyň Strategik Mehanizminiň çäginde Daşary işler ministrleriniň derejesindäki maslahatyň ýylyň dowamynda geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi habar berildi.



Degişli Habarlar