Prezident Erdogan Finlýandiýaly kärdeşi Niinistýo bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy

Prezident Rejep taýýip Erdogan, Finlýandiýanyň Prezidenti Sauli Niinistýo bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy

1806972
Prezident Erdogan Finlýandiýaly kärdeşi Niinistýo bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, telefon söhbetdeşliginde Türkiye-Finlýandiýa gatnaşyklary we sebitleýin meseleler ele alyndy. 

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Türkiye-Finlýandiýa Ykdysadyýet we söwda hyzmatdaşlyk komitediniň ilkinji maslahatynyň iýun aýynda paýtagt Ankara şäherinde geçirilmeginden hoşaldyklaryny beýan etdi. 

Häzirki wagtda goranyş senagaty ugrunda hyzmaşlygyň ähmiýetiniň artýandygyny aýdan Prezident Erdogan, Türkiye Respublikasyna garşy girizilen harby enjam eksportynyň öňündäki päsgelçilikleriň ortadan aýrylmagyna garaşýandyklaryny mälim etdi. 

24-nji fewralda başlan Russiýa-Ukraina söweşiniň hem üstünde durulyp geçilen telefon söhbetdeşliginde, Prezident Erdogan od açmazlyk baradaky ylalaşygyň güýje girmegi we ynsanperwer koridorlaryň açylmagy bilen bagly tagallalaryny dowam etdirýändiklerini habar berdi. 



Degişli Habarlar