Russiýa-Ukraina Gepleşikleri Türkiýede Dowam Eder

"Gepleşiklerde hüjümleriň bes edilmegi üçin ylalaşyk gazanylmagyny we parahatçylygyň üpjün edilmegine sebäp bolmagyny umyt edýäris”

1802706
Russiýa-Ukraina Gepleşikleri Türkiýede Dowam Eder

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Russiýanyň we Ukrainanyň wekiliýetiniň Türkiýede duşuşjakdygyny ýatlatdy.

Mewlüt Çawuşogly, Twitterden beren habaramasynda “Prezidentimiz R. T. Erdoganyň tagallasy netijesinde, Russiýanyň we Ukrainanyň wekiliýeti Türkiýede duşuşar we gepleşiklerini dowam etdirer. Taraplaryň Türkiýä bolan ynamynyň jogapkärçiligini bilýäris. Gepleşiklerde hüjümleriň bes edilmegi üçin ylalaşyk gazanylmagyny we parahatçylygyň üpjün edilmegine sebäp bolmagyny umyt edýäris” diýdi.



Degişli Habarlar