Kalyn Russiýa-Ukraina söweşi bilen bagly beýanat berdi

Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn, Russiýa-Ukraina söweşinden soň täze bir howpsuzlyk düşünjesine zerurlygyň bardygyny habar berdi

1802606
Kalyn Russiýa-Ukraina söweşi bilen bagly beýanat berdi

Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçirilen Doha Forumynyň çäginde geçirilen maslahata gatnaşan Ibrahim Kalyn, Türkiýäniň Russiýa-Ukraina söweşindäki araçylyk tagallalarynyň üstünüde durup geçdi. 

Kalyn Russiýa-Ukraina söweşinden soň dörediljek halkara düzgünde herkimiň özüni howpsuzlyk astynda duýmagynyň gerekdigini belläp: "Russiýa-Ukraina söweşi tamamlanan mahaly dünýäde täze bir howpsuzlyk gurluşyna we düşünjesine zerurlyk bolar. Bu söweşi bes etmek üçin alynyp barylýan araçylyk işleri hem bu täze howpsuzlyk gurluşyna goşant goşar" diýip habar berdi. 

Iki ýurdyň arasyndaky söweşiň energiýa geosyýasatyny, gaz-nebit önümçiligine täsir ýetirýändigini aýdan Kalyn: "Energetika, azyk, önümleriň bahalary artdy. Şol krizise sebäp bolan zatlary gowy gözden geçirmelidiris. Söweşe elten sebäpleri görmelidiris. Russiýadan Eýrana, ABŞ-dan Ýewropa Bileleşigine, Türkiýeden Pars aýlagy sebitine çenli her kim özüni howpsuzlyk astynda duýmaly" diýip belledi. 

Kalyn, bu tapgyrda Russiýa bilen diýalogyň kesilmezliginiň üstünde durup geçip: "Prezident Erdogan hem Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Putin hem-de Ukrainanyň Döwlet ýolbaşçysy Zelenskiý bilen aragatnaşyk içinde" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar