“24-nji Martda Geçiriljek NATO-nyň Liderler Maslahatyna Gatnaşaryn”

Erdogan, paýtagt Ankarada Polşanyň Prezidenti Duda bilen birlikde metbugata beýannama berdi.

1796955
“24-nji Martda Geçiriljek NATO-nyň Liderler Maslahatyna Gatnaşaryn”

Prezident R. T. Erdogan, 24-nji martda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçiriljek NATO-nyň Liderler maslahatyna gatnaşjakdygyny aýtdy.

Erdogan, paýtagt Ankarada Polşanyň Prezidenti Duda bilen birlikde metbugata beýannama berdi.

“Duşuşyklarymyzda özara gatnaşyklar bilen birlikde Ukrainada we Russiýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdyk” diýen Prezident Erdogan “NATO agza iki hyzmatdaş hökmünde söweşiň bes edilmegi üçin diplomatiýa taýdan edilýän tagallalaryň dowam etdirilmegi meselesinde ylalaşyk gazandyk. Daşary işler ministrim Moskwada saparda bolar we Kiýewe hem sapar gurar” diýdi.

Prezident Erdogan “24-nji martda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçiriljek NATO-nyň Liderler maslahatynda Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky etap hakynda gepleşikler geçirerin” diýdi.

Polşanyň 2 million bosguny kabul etmek bilen dünýä görelde bolandygyny aýdan Prezident Erdogan, bosgunlar meselesindäki tutumy sebäpli kärdeşi Dudany gutlady.

Türkiýe bilen Polşanyň arasyndaky gatnaşyklar hakynda hem durup geçen Erdogan “Söwda mukdarymyz epidemiýa garamazdan 8,3 milliard dollara çenli baryp ýetdi. 10 milliard dollarlyk maksadymyza tarap okgunly hereket edýäris. Goranyş senagaty pudagynda edilýän hyzmatdaşlykdan hoşal. Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagynda Polşaly dostlarymyzyň tutanýerli tutum alyp barjakdygyna ynanýaryn” diýdi.

Polşanyň Prezidenti Duda hem “Ukraina meselesi duşuşygymyzyň gün tertibinde esasy orun eýeledi. Türkiýe geografiýa we syýasy taýdan sebitde parahatçylygyň üpjün edilmeginde uly rol oýnaýar. Sebitde parahatçylygyň üpjün edilmegine uly goşant goşýandygy sebäpli Prezident Erdogana sagbolsun aýdýaryn” diýdi.

 

 

 



Degişli Habarlar