Türkiýäniň Wekiliýeti ABŞ-da Saparda Bolýar

Türkiýeden ýokary derejeli resmi adamlardan, parlamentiň agzalaryndan we işewürlerden ybarat bolan wekiliýet ABŞ-nyň döwlet Sekretarlygyna bardy.

1796273
Türkiýäniň Wekiliýeti ABŞ-da Saparda Bolýar

Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky 100 milliard dollarlyk söwda mukdaryna ýetme maksadyna laýyklykda Kommunikasiýalar edarasy bilen Türkiýäniň eksportçylar Mejlisiniň utgaşdyrmagynda ABŞ-na giden wekiliýet Waşingtonda resmi duşuşyklaryna başlady.

Ilki bilen ABŞ-nyň döwlet Sekretarlygynda resmiler bilen duşuşan türk wekiliýeti, özara gatnaşyklar we söwda diplomatiýasy boýunça pikir alyşdy.

Türk we amerikaly işewürler bilen duşuşyk geçirjek wekiliýet, ABŞ-nyň Söwda ministrliginde we Söwda birleşmesinde gepleşikler geçirer.

Wekiliýet “Atlantik Konsil” atly ylmy-barlag guramasynda-da ABŞ bilen Türkiýänbiň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi boýunça gepleşikler geçirer. Amerikaly we halkara habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşar.

Iş saparynň çäginde transatlantik eksportda Türkiýäniň pozisiýasynyň güýçlenmegi üçin ylmy-amaly maslahatlar we söwda-diplomatik işjeň maslahatlar geçiriler. Nýu-Ýorkdaky Türk öýünde “Eşretli gelejek üçin hyzmatdaşlyk: Türkiýe-Amerika gatnaşyklary” we “Türkiýäniň we Amerikanň täze maksatlar boýunça başlangyçlar: 100 milliard dollarlyk söwda maksady” temaly maslahatlar geçiriler.

Kommunikasiýalar edarasy bilen Türkiýäniň eksportçylar Mejlisiniň utgaşdyrmagynda guralan we 4 gün dowam etjek saparyň Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň dinamikalaryna oňyn goşant goşmagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar