Siriýada Ýewfrat Galkany sebitinde 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Siriýada Ýewfrat Galkany sebitinde ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1796492
Siriýada Ýewfrat Galkany sebitinde 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, terrorçylaryň Ýewfrat Galkany sebitine garşy hüjüm guramak üçin taýarlyk görendikleriniň anyklanandygy mälim edildi. 

Beýanatda: "Ýewfrat Galkany sebitine garşy hüjüm guramak üçin taýarlyk gören terrorçylara garşy komandos toparlarymyz üstünlikli operasiýa geçirdi. Operasiýanyň netijesinde PKK/ÝPG-e agza 8 terrorçy hyýanatçylykly niýetlerini amala aşyrmadan ozal täsirsiz ýagdaýa getirildiler" diýip habar berildi. 

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri 2016-njy ýylyň 26-njy awgust - 2017-nji ýylyň 29-njy mart aralygynda geçiren Ýewfrat Galkany operasiýasy bilen Siriýanyň Azez we Al Bab sebitlerini terrorçylardan saplapdy. 



Degişli Habarlar