Üçtaraplaýyn Duşuşyk Tamamlandy

Russiýanyň we Ukrainanyň daşary işler ministrleriniň Türkiýäniň töwellaçylyk etmeginde Antalýada geçiren duşuşygy tamamlandy.

1793362
Üçtaraplaýyn Duşuşyk Tamamlandy

Daşary işler ministri Çawuşogly Lawrow Kuleba bilen üçtaraplaýyn maslahat geçirdi.

Türk tarapynyň birinji tapgyrda Ukrainada hüjümleriň durnukly bes edilmegi üçin tagalla eden maslahatyndan soň ilkinji beýanaty Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba berdi.

Ukrain ministr 1,5 sagada golaý dowam eden gepleşiklerde hüjümleriň bes edilmegi boýunça netije alynmandygyny aýtdy.

Çawuşoglynyň duşuşyk üçin eden tagallasyna sagbolsun aýdan Kuleba, şu gün çözülmedik hem bolsa, ýurdundaky söweşi bes etmek maksady bilen şeýle gepleşikleri dowam etdirjekdigini nygtady.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bolsa meseläniň özeninde durýhan sebäpleri ortadan aýyrmak üçin ähli tagallany goldaýandyklaryny, gepleşikleriň ýerini hiç zadyň tutmajakdygyny aýtdy.

Maslahatda Ukrainada asuda ilatyň zyýan çekmezligi üçin nämeleriň edilip bilinjekdi hakynda pikir alyşandyklaryny nygtan Lawrow, ynsanperwer geçelgäniň açylmagy boýunça tekliplerini ýene-de bir gezek beýan edendiklerini, onuň üçin iň howpsuz ugurlar hakynda pikir alyşandyklaryny aýtdy.

Ukraina meselesiniň düýpli çözülmegini isleýändiklerini aýdan Lawrow, şynuň üçin ähli tagallalaryň bähbitleriniň göz öňünde tutulmalydygyny nygtady.

Sergeý Lawrow ýurduna goýulan sanksiýalar hakynda bolsa; “Sanksiýalar meselesini şeýle bir çözeris welin, günbatarlylara asla garaşly bolmarys. Şeýle çäreler göreris welin, beýle agyr şertler gaýtalanmaz” diýdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly maslahatdan soň sosial media hasabyndan beren habarnamasynda; “Parahatçylygyň iň möhüm wagtynda Antalýa Diplomatiýa forumynyň çäginde rus we ukrain kärdeşlerim Lawrow hem-de Kuleba bilen üçtaraplaýyn formatda duşuşdyk. Biz sebitimizde parahatçylygyň gaýtadan dikeldilmegini tama edýäris” diýip ýazdy.

Çawuşogly ýüzlenmesinde Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda diplomatiýanyň dowam etmegi üçin tagallalaryň depgininiň gowşamajakdygyny nygtady.

Çawuşogly metbugata beren beýanatynda-da üçtaraplaýyn maslahatda Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putin bilen Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiýniň arasynda duşuşyk geçirilmeginiň hem gün tertibine gelendigini aýtdy.

Çawuşogly aýratynam Ukraina tarapynyň Türkiýeden Russiýa bilen mundan soňky duşuşyklarda hemaýatkär bolmagyny  ýene-de bir gezek isländigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar