Çawuşogly: "Operasiýa däl, eýsem söweşe öwrüldi" diýdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Russiýanyň esgerleriniň 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başlatmagy bilen baglanşykly: "Indi ol söweşe öwrüldi. Bu şertlerde bolsa biz elbetde Montrýo ylalaşygyny durmuşa geçireris" diýip habar berdi

1786646
Çawuşogly: "Operasiýa däl, eýsem söweşe öwrüldi" diýdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, hususy telewideniýeleriň birinde güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi.

Ukrainanyň Montrýo ylalaşygy bilen bagly Türkiýe bildiren talaby bilen bagly soraga Çawuşogly, ylalaşygyň deňize kenary bolan we kenary bolmadyk ýurtlaryň harby gämileriniň bogazlardan geçmeklerini we Gara deňizde galmaklaryny, möhlet we çäklendirmeler bilen baglanşykly düzgünnamalary özünde jemleýändigini habar berdi.  

Mewlüt Çawuşogly Tükriýäniň şu günki güne çenli Montrýo ylalaşygyny dolulygyna berjaý edendigini belläp: "Tarap tutmaýan söweş ýagdaýynda, Türkiýe söweşe gatnaşýan ýurtlaryň gämilerini bogazdan geçirmän biler. Montrýo ylalaşygynyň 19-njy maddasy doly ýagdaýda açykdyr" diýip aýan etdi. 

Başdan geçirilen soňky hadysalaryň söweş, çaknyşyk ýa-da operasiýa bolup-bolmandygy bilen bagly soraga Çawuşogly: "Başda Russiýanyň hüjümleri boldy. Emma biz hünärmenlerimiz, harbylarymyz, hukukçylarymyz bilen maslahatlaşdyk. Indi esasan hem ýurduň köp şäherine ser salynanda ol söweşe öwrüldi. Ýagny köçelerdäki çaknyşyklar boýunça taraplaryň arasynda söweş bar. Bu harby operasiýa däl, wagtlaýyn howa hüjümleri däl, resmi ýagdaýda bir söweş bar ýurtda" diýip habar berdi. 

Çawuşogly Montrýo ylalaşygynyň 19-njy maddasynda söweşýän ýurdyň gämileriniň geçmekleri bilen bagly kadadan daşary ugruň bardygyny belläp: "Eger harby gämi söweşýän tarapyň degişli bolan portyna, bazasyna, deňiz menziline gitmek isleýän bolsa, onda ol wagt ol gämä böwet bolup bolmaýar" diýip beýan etdi. 

Tapgyryň açyk bolmalydygyny aýdan Çawuşogly Russiýanyň Gara deňizdäki bazalaryna degişli gämileriň Ortaýer deňizindedigini ýatlatdy. 

Çawuşogly: "Elbetde bu ýerde ýagdaýdan hyýanatçylykly peýdalanylmaly däl. Ýagny baza gitjek, gämini ýerine alyp gitjek diýibem bogazdan geçenlerinden soň söweşe gatnaşmazlyklary gerek. Biz Montrýonyň ähli düzgünlerini bu ýagdaýda, açyk ýagdaýda berjaý ederis" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar