Ýagşylyk Otlusynyň 3-njsi Dabara Bilen Ugradyldy

Türkiýeden Owganystana ynsanperwer kömegini alyp giden “Ýagşylyk otlusynyň” üçünjisi dabara bilen ugradyldy.

1785315
Ýagşylyk Otlusynyň 3-njsi Dabara Bilen Ugradyldy

Tebigy apatlary we adatdan daşary ýagdaýlary dolandyryş edarasynyň utgaşdyrmagynda 19 jemgyýetçilik guramagynyň goldaw bermeginde toplanan ynsanperwer kömeklerini alyp giden “Ýagşylyk otulusynyň” üçünjisi Ankaradaky wokzaldan dabara bilen ugradyldy.

62 konteýnerden ybarat bolan 994 tonna azyk, egin-eşik, ýorgan, saglygy goraýyş enjamlaryndan we gigiýena önümlerinden ybarat bolan ynsanperwer kömegi, kömege mätäç adamalara ýetiriler.

Dabarada söz sözlän Içeri işler ministriniň orunbasary Ismail Çatakly Türkiýäniň dünýäniň çar tarapyndan ejir çekýän adamlar bilen çöregini bölüşýändigini beýan edip, Owganystana gelejek boýunça meýilleşdirmeleriň edilendigi we dördünji sapar üçin taýýarlyklaryň görülendigini aýtdy.

Tebigy apatlary we adatdan daşary ýagdaýlary dolandyryş edarasynyň Başlygy Ýunus Sezer bolsa ozal ugradylan iki otly bilen ýetirilen kömekleriň Owganystanda paýlanmaga dowam edilýändigini aýtdy.

Ozal ugradylan iki “Ýagşylyk otlusy” Eýrandan we Türkmenistandan geçip, 4168 kilometrlik ýoly 12 günde aşyp, Owganystana barypdy.

 



Degişli Habarlar