“Russiýanyň Ukraina Guraýan Hüjümi Dünýäniň Parahatçylygyna Zeper Ýetirer”

Mustafa Şentop, Russiýanyň Ukraina garşy guraýan harby hüjüminiň “kabul edilmesizdigini” nygtady.

1784813
“Russiýanyň Ukraina Guraýan Hüjümi Dünýäniň Parahatçylygyna Zeper Ýetirer”

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, Russiýanyň Ukraina garşy guraýan harby hüjüminiň “kabul edilmesizdigini” nygtady.

Şentop beren ýazmaça beýannamasynda, Russiýanyň guraýan hüjüminiň dünýäniň parahatçylygyna uly zeper ýetirip biljekdigine ünsi çekdi.

Şentop “Russiýa Federassiýasy tarapyndan Ukraina garşy guralýan harby hüjüm kabul edilmesiz. Bu hüjüm sebitmiziň durnuklylygynyň başda durmagynda dünýäniň parahatçylygyna we howpsyzlygyna uly zeper ýetirip biler” diýdi.

Mustafa Şentop, “Dost we goňşy ýurtlar Russiýa bilen Ukrainanyň bu meseläni halkara hukugyna we Minsk ylalaşygynyň çäginde gepleşik arkaly çözmegini umyd edýäris. Ukrainanyň syýasy jebisligine, özytyýarlygyna we territorial bitewiligine goldaw berýändigimize ünsi çekýäris” diýip belledi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar