Prezident Erdogan KDR-dan Senegala ugrady

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Afrika saparynyň ilkinji duralgasy bolan Kongo Demokrat Respublikasyndaky saparyny tamamlap Senegal döwletine tarap ugrady

1782343
Prezident Erdogan KDR-dan Senegala ugrady
erdoğan kdc.jpg

Prezident Erdogany Kinşasa halkara howa menzilinden Kongo Demokrat Respublikasynyň Prezidenti Feliks Çisekedi ugratdy. 

Senegalyň paýtagty Dakar şäherinde ýurdyň Prezidenti Maki Sall tarapyndan garşylanjak Prezident Erdogan Türkiýe-Senegal Işewürler forumyna gatnaşar. 

Erdogan we Sall Respublika köşgünde geçirjek ikiçäk duşuşygyndan we iki ýurdyň arasynda baglaşyljak şertnamalara gol çekilmeginden soň metbugat ýygnagyny geçirerler. 



Degişli Habarlar