Prezident Erdogan Afrika ýurtlaryna sapar gurar

Prezident Rejep Taýýip Erdogan fewral aýynyň 20-23-i aralygynda Kongo Demokrat Respublikasynda, Senegalda we Gwineýa-Bisauda saparda bolar

1781581
Prezident Erdogan Afrika ýurtlaryna sapar gurar

Prezident Erdoganyň saparynyň çäginde geçiriljek duşuşyklarynda özara gatnaşyklar bilen birlikde Türkiýe bilen Kongo Demokrat Respublikasy, Senegal we Gwineýa-Bisau ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alynyp maslahatlaşylar.

Prezident Erdogan Senegalyň paýtagty Dakar şäherine gurjak saparynda, türk kärhanalaryň biri tarapyndan gurulan 50 müň adamlyk Dakar Olimpiýa stadionynyň açylyş dabarasyna, Senegalyň Prezidenti Maki Sall we ýurda çagyrylan beýleki ýurtlaryň Döwlet baştutanlary bilen bilelikde gatnaşar. 

Erdoganyň şol çäkde beýleki ýurtlaryň liderleri bilen ikiçäk gepleşikler geçirmegine garaşylýar.

Saparyň çäginde Türkiýäniň Dakar şäherindäki ilçihanasynyň täze binasynyň resmi açylyşy hem Prezident Erdogan tarapyndan ýerine ýetirilmegine garaşylýar. 

Prezident Erdoganyň Kongo Demokrat Respublikasy, Senegal we Gwineýa-Bisau döwletlerine gurajak saparynyň ikitaraplaýyn söwda mukdarlarynyň kesgitlenen çäkde artmagyna we türk işewür adamlaryň goýjak maýa goýumlarynyň artmagy taýdan giň netijeli bolmagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar