Prezident Erdogan Afrika Ýurtlaryna Sapar Gurar

Erdogan Kongo Demokrat Respublikasynda, Senegalda we Gwineýa-Bisauda saparda bolar.

1781433
Prezident Erdogan Afrika Ýurtlaryna Sapar Gurar

Prezident Erdoganyň üç ýurdy öz içine alýan Afrika sapary ertir başlaýar.

Erdogan fewral aýynyň 20-23-i aralygynda Kongo Demokrat Respublikasynda, Senegalda we Gwineýa-Bisauda saparda bolar.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, saparyň çäginde geçiriljek gepleşiklerde özara gatnaşyklar bilen birlikde Türkiýe bilen ýokarda ady agzalýan ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Prezident Erdogan Dakarda türk firmasy tarapyndan gurlan 50 müň adamlyk Dakar Olimpiada stadionyň açylyş dabarasyna gatnaşar.

Olimpiada stadionyň açylyş dabarasyna Senegalyň Prezident Sall bilen birlikde myhman ýurtlaryň Prezidentleri hem gatnaşar.

Erdoganyň açylyş dabarasyna gatnaşjak ýurtlaryň liderleri bilen özara duşuşyk geçirmegine garaşylýar.

Prezident Erdoganyň Gwineýa-Bisau gurajak sapary, Türkiýeden şol ýurda prezident derejesinde guraljak ilkinji sapar bolar.

 

 



Degişli Habarlar