Erdogan Bilen Stoltenberg Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Erdogan bilen Stoltenberg, Türkiýe bilen guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk we sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

1781294
Erdogan Bilen Stoltenberg Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident R. T. Erdogan bilen NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Erdogan bilen Stoltenberg telefon söhbetdeşliginde, Türkiýäniň NATO agzalygynyň 70-njy ýylynda Türkiýe bilen guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk we sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg telefon söhbetdeşliginde, Türkiýäniň NATO agzalygynyň 70-njy ýyly bilen mähirli gutlady.

Prezident Erdogan hem Stoltenberge ähli platformada NATO-nyň Türkiýä berýän goldawlary üçin sagbolsun aýtdy.

Erdogan, Türkiýäniň gurama agza bolan ilkinji gününden bäri jogapkärçilikli hereket edýändigini we bu hereketini dowam etdirjekdigini belledi.

 



Degişli Habarlar