Milli Goranmak Ministri Akar Brýusselde Ruminiýanyň Goranmak Ministri Bilen Duşuşdy

Iki kärdeş duşuşykda özara gatnaşyklar we sebitara howpsyzlyk we goranyş meselesi hakynda pikir alyşdy.

1779990
Milli Goranmak Ministri Akar Brýusselde Ruminiýanyň Goranmak Ministri Bilen Duşuşdy

NATO agza ýurtlaryň goranmak ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Belgiýanyň paýtagty Brýussele giden Milli Goranmak ministri Hulusi Akar iş saparynyň çäginde Ruminiýanyň Goranmak ministri Wasie Dinsu bilen duşuşdy.

Iki kärdeş duşuşykda özara gatnaşyklar we sebitara howpsyzlyk we goranyş meselesi hakynda pikir alyşdy.

Ruminiýanyň Goranmak ministri wezipesine bellenen Dinsuny gutlan Akar, Ruminiýanyň Türkiýäniň esasy hyzmatdaşydygyny nygtady.

Akar duşuşykda iki ýurduň arasynda harby tälim we goranyş senagaty pudagynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmeginiň möhümdigini belledi.


Etiketkalar: #Ruminiýa , #Hulusi Akar , #NATO

Degişli Habarlar