Abu Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy “Saparyň Täze Döwrüň Başlangyjy Bolmagyny Dileýärin” Diýdi

Preizdent Erdogan, Abu Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy Şyh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýan bilen özara duşuşyk geçirdi.

1778681
Abu Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy “Saparyň Täze Döwrüň Başlangyjy Bolmagyny Dileýärin” Diýdi

Preizdent R. T. Erdogan, Birleşen Arap Emirliklerine guraýan iki günlük resmi saparynyň çäginde Abu Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy Şyh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýan bilen özara duşuşyk geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannamada, “Prezidentimiz R. T. Erdogan, Abu Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy Şyh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýan bilen özara duşuşyk geçirdi” diýildi.

BAE-niň resmi habarlar gullugy WAM-da berlen habarda hem Erdogan bilen Bin Zaýediň Abu Dabidäki Al Watan köşgünde duşuşandygy nygtaldy.

Duşuşykda özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleleriň seljerlendigi nygtalan habarda, sebitde howpsyzlygyň, parahatçylygyň we durnuklylygyň goralyp saklanmagy üçin tagalla edilmegi meselesinde ylalaşyk gazanylandygy bellenildi.

Habara görä, Bin Zaýed, Prezident Erdogan bilen bolan duşuşygynda, saparyň özara hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi we birlikde durmuşa geçiriljek taslamalarda täze döwrüň başlangyjy bolmagyny dileýändigini nygtady.

Bin Zaýed, sebitara parahatçylygyň goralyp saklanmagy üçin birlikde tagalla etmekden hoşal boljakdyklaryny nygtap, ýurdunyň sebitde başdan geçirilýän kynçylyklaryň ortadan aýrylmagy üçin Türkiýe bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegine uly ähmiýet berýändigini ýatlatdy.

 

 



Degişli Habarlar