“Alla Biziň Jebisligimizi we Bitewiligimizi Gorasyn, Doganlygymyz Baky Bolsun”

Erdogan, hassalygy bilen ýakyndan gyzyklanan lukmanlaryna sagbolsun aýtdy

1776878
“Alla Biziň Jebisligimizi we Bitewiligimizi Gorasyn, Doganlygymyz Baky Bolsun”

Prezident R. T. Erdogan, Kovid-19 testiniň negatiw çykmagy barada sosial mediadan beren habarnamasynda “Hudaýa şükür soňky iki günde geçiren testim negatiw çykdy. Bu etapda ýurdumyzyň we dünýäniň çar tarapyndan eden dogalary we ýagşy arzuwlary bilen bize goldaw beren doganlaryma minnetdarlyk bildirýärin. Alla biziň jebisligimizi we bitewiligimizi gorasyn, doganlygymyz baky bolsun. Aýalym Emine Erdogan hem hassalygy ýeňil geçiýär, onuň testiniň ýakynda negatiw çykjakdygyna ynanýaryn” diýdi.

Hassalygy bilen ýakyndan gyzyklanan lukmanlaryna sagbolsun aýdan Erdogan, ähli saglygy goraýyş işlerine rowaçlyk arzuw edip, hassalara şypa diledi



Degişli Habarlar