Mewlüt Çawuşogly ABŞ-ly kärdeşi bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1775534
Mewlüt Çawuşogly ABŞ-ly kärdeşi bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy

Daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä, telefon söhbetdeşliginde Russiýa-Ukraina dartgynlygynyň çäginde başdan geçirilen soňky hadysalar güntertibe getirildi, Çawuşogly bolsa Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky dartgynlygyň dialogyň üsti bilen azaldylmagy bilen baglanşykly edilýän başlangyçlar barada kärdeşine maglumat berdi. 

Telefon söhbetdeşliginde Siriýanyň demirgazygyndaky soňky wakalary ele alynmak bilen birlikde Çawuşogly, PKK/ÝPG-nyň Siriýadaky alyp barýan işleri we asuda ilata garşy guraýan hüjümlerine ünsleri çekip, bu terror guramasyna garşy Türkiýäniň göreşiniň tutanýerlilik bilen dowam etjekdigini habar berdi. 

Kawkazlardaky soňky hadysalar we Ermenistan bilen dowam edýän kadalaşma tapgyrynyň hem ele alynan telefon söhbetdeşliginde Çawuşogly Blinkeni 11-13-nji mart aralygynda geçiriljek Antalýa Diplomatiýa forumyna çagyrdy. 

Blinken hem telefon gürrüňdeşliginde koronawirusa ýolugan Prezident Rejep Taýýip Erdogana we aýaly Emine Erdogan üçin şypa diledi. 



Degişli Habarlar