Ýylyň Ýanwar Aýynda 47 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýanwar aýynda 34 sanysy sag, 13 sanysy boýun egmek görnüşinde, jemi 47 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 5 terror aksiýasynyň öňi alyndy.
![Ýylyň Ýanwar Aýynda 47 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/86fc/55f0/d377/611b6703cd5cf.jpeg?time=1718356093)
Içeri işler ministriniň orunbasary we ministrliginiň metbugat sekretary Ismail Çatakly, terrorizme garşy göreş boýunça ýanwar aýyna degişli görkezijileri beýan etdi.
2022-nji ýylyň ýanwar aýynda oba ýerlerinde 5 sanysy yly göwrümli, 14 sanysy orta göwrümli, jemi 7,795 operasiýa we terror guramalarynyň şäherlerdäki işlerini alyp barýan öýjüklerine hem-de ýaranlaryna garşy 1,315 operasiýa guraldy.
Şol operasiýalarda 34 sanysy sag, 13 sanysy boýun egmek görnüşinde, jemi 47 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň 38 sanysy PKK/KJK, 8 sanysy DAEŞ, 1 sanysyny çepçi terror guramasyna degişlidigi anyklandy.
Terror guramasyna goldaw we kömek berendigi hem-de gurama bilen arabaglanşyklydygy anyklanan 2,229 şübheli saklandy, şolardan 295 sanysy tussag edildi.
Aýratynam 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda 5 terror aksiýasynyň öňi howpsuzlyk gullukçylary tarapyndan alyndy.
Ýurtlaryna dolanan siriýalylaryň sany bolsa 484,400 bolan bolsa, Türkiýede bellige alynan siriýalylaryň sany 3,739,859 adama barbar.
Degişli Habarlar
![Türkiyäniň prezidenti Ispaniyada saparda bolýar](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/01ac/28c1/7487/666af6f9ef18f.jpg?time=1718356093)
Türkiyäniň prezidenti Ispaniyada saparda bolýar
Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Ispaniýada resmi saparda bolýar