Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi we Ýewfrat Galkany sebitlerinde 43 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Terrora garşy göreş hem ýurdyň öz içinde hemde daşary ýurtlarda tutanýerlilik bilen dowam etdirilýär

1772985
Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi we Ýewfrat Galkany sebitlerinde 43 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi we Ýewfrat Galkany sebitlerinde jemi 43 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi. 

Goranmak ministrligi: "Al Babda asuda ilatdan azyndan 9 adamy öldüren ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-den artykmajy bilen hasaby soraldy. Al Bab, Dadat, Jibrin we Tall Malid sebitlerindäki bazalarymyza od açan terrorçylara garşy Jizre etrabynda şehit bolan esgerimiz üçin jezalandyrylyp od açyldy we azyndan 34 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Şeýlelik bilen Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi we Ýewfrat Galkany sebitlerinde 43 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Terror guramasy PKK/ÝPG-niň asudalyk we howpsuzlyk gurşawyny bozmak hyýallaryny puja çykarmaga dowam edýäris. Şehitlerimiziň ganyny ýerde goýmadyk we mundan soň hem goýmarys" diýip mälim etdi. 

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri Siriýanyň demirgazygynda terrorçylara garşy 2016-njy ýylyň 24-nji awgust bilen 2017-nji ýylyň 29-njy marty aralygynda Ýewfrat Galkany operasiýasyny, 2019-njy ýylda bolsa Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasyny geçirip sebiti terrorçylardan saplapdy. 



Degişli Habarlar