Çawuşogly ÝP-niň başlygy Sassoliniň aradan çykmagy sebäpli gynanç ýüzlenmesini çap etdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, aradan çykan Ýewropa Parlamendiniň başlygy Dewid Sassoli üçin gynanç ýüzlenmesini çap etdi

1760635
Çawuşogly ÝP-niň başlygy Sassoliniň aradan çykmagy sebäpli gynanç ýüzlenmesini çap etdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Ýewropa Parlamendiniň başlygy Dewid Sassoliniň aradan çykandygy baradaky habary uly gynanç bilen aldym. Ýakynlaryna we Ýewropa Parlamendine gynanç bildirýärin. Ýatan ýeri ýagty bolsun" diýip belledi. 

Ýewropa Parlamendiniň başlygy 65 ýaşyndaky Dewid Sassoli, Italiýanyň Awiano şäherinde bejergi alýan hassahanasynda aradan çykdy. 

Ýewropa Parlamendiniň başlygy Dewid Sassoli, sentýabr aýynda pnewmoniýa sebäpli hassahana ýatyrylypdy, ençeme wagtlap maslahatlara ýolbaşçylyk edip bilmedi we Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli maslahatlarynada gatnaşyp bilmedi. 



Degişli Habarlar