Erdogan: "Gymmatlyklarymyza eýe çykýan ähli başlangyçlary goldaýarys" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýäniň milli medeni sungat gymmatlyklaryna eýe çykýan ähli başlangyçlary goldaýandygyny mälim etdi

1759064
Erdogan: "Gymmatlyklarymyza eýe çykýan ähli başlangyçlary goldaýarys" diýdi

Prezident Erdogan, Stambul Süleýmaniýe Darüzziýafede geçirilen II Ýeditepe Bienalide söz sözledi. 

"Milli medeni sungat gymmatlyklarymyza eýe çykýan, olaryň üstünde işleýän we gelejege ýetirmegi maksat edinýän ähli başlangyçlary goldaýarys" diýip aýdan Prezident Erdogan: "Medeni sungat ýygmalarymyzy täze nesiller başda bolmak bilen milletimiziň ähli agzalaryna ýetirilýänçä çenli işlerimizi arman-ýadaman dowam etdirmelidiris. Medeniýetimize, taryhymyza, medeni sungat ýygymymyza eýe çykmak, olary mundan soňky ýyllara ýetirmek üçin öz üstümize düşýän jogapkärçiligi tüýs ýüregimiz bilen ýerine ýetireris" diýip habar berdi. 

Prezident Erdogan: "Islendik bozuklyga, ahlaksyzlyga, çetlige sungat adyny berip kadalaşdyrmak islenýän tagallalary özünde jemleýän gizlin hüjümlere garşy mümkinçiliklerimizi orta goýmalydyrys" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar