Türkiýäniň we Ermenistanyň Ýörite Wekilleriniň Ilkinji Duşuşygy 14-nji Ýanwarda Moskwada Geçirler

Serdar Kylyç, Türkiýäniň Ermenistan boýunça ýörite wekili hökmünde bellenipdi.

1757861
Türkiýäniň we Ermenistanyň Ýörite Wekilleriniň Ilkinji Duşuşygy 14-nji Ýanwarda Moskwada Geçirler

Türkiýäniň we Ermenistanyň ýörite wekilleriniň ilkinji duşuşygynyň 14-nji ýanwarda Russiýanyň paýtagty Moskwada geçiriljekdigi habar berildi.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, “Türkiýäniň we Ermenistanyň ýörite wekilleriniň ilkinji duşuşygy 14-nji ýanwarda Russiýanyň paýtagty Moskwada geçirler” diýildi.

Türkiýäniň ABŞ-daky ozalky ilçisi Serdar Kylyç, 15-nji dekabrda Türkiýäniň Ermenistan boýunça ýörite wekili hökmünde bellenipdi.

Ermenistanyň Parlamentiniň başlygynyň orunbasary Ruben Rubinýan hem Ermenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gepleşik etabynda ýörite wekil hökmünde bellenipdi.


Etiketkalar: #duşuşyk , #Ermenistan , #wekil

Degişli Habarlar