Daşary Işler Ministri Çawuşogly, Rus Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Çawuşogly bilen Lawrow, NATO-Russiýa maslahaty bilen birlikde Gazagystanda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy

1758216
Daşary Işler Ministri Çawuşogly, Rus Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Çawuşogly bilen Lawrowyň telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar, NATO-Russiýa maslahaty bilen birlikde Gazagystanda, Bosniýa-Gersegowinada we Kawkazda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.

Mewlüt Çawuşogly, Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen hem Gazagystanda başdan geçirilýän soňky wakalary ara alyp maslahatlaşypdy.



Degişli Habarlar