“Dost Ýurt Gazagystanyň Durnuklylygyna Uly Ähmiýet Berýäris”

Daşary işler ministrligi, Gazagystanda hökümetiň wezipesinden çekilmegine sebäp bolan protest ýörişleri hakynda ýazmaça beýannama berdi.

1757654
“Dost Ýurt Gazagystanyň Durnuklylygyna Uly Ähmiýet Berýäris”

Gazagystanda geçirilýän protest ýörişleri barada berlen beýannamada “Dost ýurt Gazagystanyň durnuklylygyna uly ähmiýet berýäris. Doganlyk gazak halkynyň parahatçylygy we durnuklylygy biziň üçin diýseň möhüm”diýildi.

Daşary işler ministrligi, Gazagystanda şu gün irden hökümetiň wezipesinden çekilmegine sebäp bolan protest ýörişleri hakynda ýazmaça beýannama berdi.

Beýannamada “Gazagystanda 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 2-3-i aralygynda başlan we şu gün irden hökümetiň wezipesine çekilmegine sebäp bolan protest ýörişleri bilen ýakyndan gyzyklanýarys. Dost Gazagystanyň durnuklylygyna uly ähmiýet berýäris. Doganlyk gazak halkynyň parahatçylygy we durnuklylygy biziň üçin diýseň möhüm. Gazak hökümetiniň bu krisiziň hötdesinden geljekdigine doly ynanýarys. Gazak halkynyň parasatlylygyna ynanýarys. Wakalarda ýaralanan gazak doganlarymyza we howpsyzlyk güýçlerine gyssagly şypa dileýäris” diýildi.



Degişli Habarlar