Eksport Dogry Ýolda Öňe Barýandygymyzy Görkezýär

Prezident Erdogan Türkiýäniň eksportda 2021-nji ýyly 225 milliard dollardan ýokarda tamamlandygyny nygtady

1756986
Eksport Dogry Ýolda Öňe Barýandygymyzy Görkezýär

Prezident R.T. Erdogan Türkiýäniň eksportda 2021-nji ýyly 225 milliard dollardan ýokarda tamamlandygyny, onuň hem dogry ýolda öňe barýandyklaryny görkezýandigini beýan etdi.

Prezident we Adalat we ösüş partiýasynyň Başlygy Erdogan partiýasynyň merkezi ofisinde Welaýat ýolbaşçylarynyň giňeldilen maslahatynda çykyş etdi.

Çykyşynda 2021-nji ýylda eksportdaky rekord ösüşe ünsi çeken Erdogan; “Eksportda 2021-nji ýyly 225 milliard dollardan ýokarda tamamlamagymyz dogry ýolda öňe barýandygymyzy görkezýär” diýdi.

Erdogan Türkiýäniň şol üstünligi bilen ähli ejir çekýänlere we ezilýän halklara öz ygtyýarlary hem-de gaýratlary bilen hak-hukuklaryna we azatlyklaryna iň ýokary derejede eýe bolup biljekdiklerini, galkynyş başlangyçlaryny netijelendirip biljekdiklerini görkezendigini beýan etdi.

İndi has uly başlangyçlaryň başyny başlandyklaryny nygtan Erdogan; “İndi Türkiýäni dünýäniň ykdysady taýdan ösen 10 ýurdunyň hataryna goşjak başlangyçlara girişýäris” diýdi.

Yglan edilen täze ykdysady maskatnamada iş üpjünçiliginiň ileri tutulýandygyny nygtan Erdygan; “Aýlyk haklaryndan hormatly dynç alyşdaky raýatlarymyzyň aýlyk töleglerine çenli ähli ugurda şol düşünjä eýerdik, iş ýüzüne geçirdik. Enşalla iň kynçylykly günler yzda galdy. Mundan beýläk zähmetimiziň netijesini almagyň, milletimize maksatlarymyza ädim-ädim ýakynlaşýandygymyzy görkezmegiň wagty geldi” diýdi.

 



Degişli Habarlar