Çawuşogly Bilen Blinken Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Çawuşogly bilen Blinken, Russiýa-Ukraina dartgynlygy hakynda pikir alyşdy.

1756520
Çawuşogly Bilen Blinken Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Mewlüt Çawuşogly bilen Entoni Blinken telefon söhbetdeşliginde, Russiýa-Ukraina dartgynlygynyň başda durmagynda Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky özara gatnaşyklar, Sudanda we Kawkazda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Praýs hem telefon söhbetdeşligi barada beren ýazmaça beýannamasynda Döwlet sekretary Blinken bilen Daşary işler ministri Çawuşoglynyň, Russiýanyň, Ukrainadaky dartgynlygy möwjetmek howpuna garşy utgaşyklygyň dowam etdirilmegi barada pikir alyşandygyny nygtady.

Praýs, Blinken bilen Çawuşoglynyň Türkiýe-Ermenistan gatnaşyklaryndaky kadalaşma etaby bilen birlikde Afrikada başdan geçirilýän soňky wakary ara alyp maslahatlaşandygyny ýatlatdy.



Degişli Habarlar