Prezident Erdogan "Kesişmek: Barlygyňa şükür Eren" atly filme tomaşa etdi

Film Eren Bülbüliň dogulan güni bolan 1-nji ýanwarda kinoteatrlarda görkezilmäge başlanar

1755086
Prezident Erdogan "Kesişmek: Barlygyňa şükür Eren" atly filme tomaşa etdi
erdoğan1.jpg

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Trabzon welaýatynyň Maçka etrabynda 2017-nji ýylyň 11-nji awgustynda terrorçylar bilen gahryman esgerleriň arasynda bolan çaknyşykda şehit bolan Eren Bülbül we şehit starşina Ferhat Gedikiň başyndan geçirenlerini suratlandyrýan "Kesişmek: Barlygyňa şükür Eren" atly filmiň premýerasyna gatnaşdy. 

Eren Bülbüliň dogulan güni bolan 1-nji ýanwarda kinoteatrlarda görkezilmäge başlanjak "Kesişmek: Barlygyňa şükür Eren" atly filmiň premýerasy, ýurdyň paýtagty Ankara şäherindäki Beştepe Millet kongres we medeniýet merkezinde geçirildi. 

TRT-nyň bilelikdäki önümi bolan "Kesişmek: Barlygyňa şükür Eren" atly filmiň premýerasyna Maşgala we sosial hyzmatlar ministri Derýa Ýanyk, Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň wekili Binali Ýyldyrym, Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, TRT-niň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Ahmet Albaýrak, TRT-nyň Baş müdüri Mehmet Zahid Sobajy we Anadoly habarlar agentliginiň Dolanşyk geňeşiniň başlygy we Baş müdüri Serdar Karagöz gatnaşdy. 


Etiketkalar: #film , #Eren Bülbül , #TRT

Degişli Habarlar