Türkiyäniň we Ermenistanyň Yörite Wekilleri Moskwada Duşuşar

Çawuşogly, Türkiyäniň we Ermenistanyň yörite wekilleriniň arasyndaky ilkinji maslahatyň Moskwada geçiriljekdigini aytdy.

1753092
Türkiyäniň we Ermenistanyň Yörite Wekilleri Moskwada Duşuşar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiyäniň we Ermenistanyň yörite wekilleriniň arasyndaky ilkinji maslahatyň Russiyanyň paytagty Moskwada geçiriljekdigini aytdy.

Mewlüt Çawuşogly, paytagt Ankarada 2021-nji yylyň jemleri boyunça geçirlen maslahatda çykyş etdi.

Türkiye bilen Ermenistanyň arasyndaky kadalaşma etaby hakynda durup geçen Çawuşogly, iki tarapyň yörite wekil belländigini yatlatdy.

Mewlüt Çawuşogly, “Ermenistan ilkinji maslahatyň Moskwada geçirilmegini isleyär. Emma biz ilkinji maslahatdan daşary iki tarapyň arasynda duşuşygyň geçirilmegini isleyäris. Çarter saparlaryň yakynda başlajakdygyny yene-de bir gezek nygtamak isleyärin. Gatnaşyklaryň kadalaşmagy meselesinde jan Azerbayjan bilen birlikde hereket ederis”diydi.



Degişli Habarlar