Erdogan ASELSAN tarapyndan öndürilen goşlary barlagdan geçirýän rentgen enjamyna gözegçilik etdi

Prezident Erdogan enjam barada resmilerden maglumat aldy

1752821
Erdogan ASELSAN tarapyndan öndürilen goşlary barlagdan geçirýän rentgen enjamyna gözegçilik etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan ASELSAN kärhanasy tarapyndan öndürilen ARIN atly goşlary barlagdan geçirýän rentgen enjamynyň işleýşini Gaziantep howa menzilinde gözden geçirdi. 

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasy, Prezident Erdoganyň Gaziantep howa menzilinde ýerli we milli mümkinçilikler bilen öndürilen ARIN atly goşlary barlagdan geçirýän rentgen enjamynyň işleýşini gözden geçirýän pursatlarynyň materiallaryny paýlaşdy. 

Enjam barada resmilerden maglumat alan Prezident Erdogan, ondan soň bolsa öz adyna berilen bilet bilen uçara geçdi. 



Degişli Habarlar