Mustafa Şentop ISIPAB-yň Ýerine ýetirijiler komitediniň 46-njy maslahatyna gatnaşdy

Şentop ISIPAB-yň 16-njy konferensiýasynyň çäginde Stambul kongres merkezinde geçirilen ISIPAB-yň Ýerine ýetirijiler komitediniň 46-njy maslahatyna gatnaşdy

1745337
Mustafa Şentop ISIPAB-yň Ýerine ýetirijiler komitediniň 46-njy maslahatyna gatnaşdy

TBMM-niň başlygy Mustafa Şebtop, musulman azlyk jemgyýetleriniň agressiýa, zuluma we adaty adam hukuklary bilen bagly düzgün bozmalara sezewar galýandygyny, Yslam Hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň Parlamentar Bileleşigi (ISIPAB) hökmünde bu meseläniň üstünde işlemäge mejburdyklaryny beýan etdi.

Mustafa Şentop ISIPAB-yň 16-njy konferensiýasynyň çäginde Stambul kongres merkezinde geçirilen ISIPAB-yň Ýerine ýetirijiler komitediniň 46-njy maslahatyna gatnaşdy.

Konferensiýa 3-nji gezek we 6 ýyl arakesmeden soň ýer eýeçiligini etmekden, döwürleýin başlyklyk wezipesini öz üstlerine almakdan hoşaldyklaryny aýdan Şentop, Burkina-Fasony döwürleýin başlyk wezipesinde ýerine ýetiren işleri mynasybetli gutlady.

Şentop dünýäde tiz depginler bilen  artýan Yslam duşmançylygy, daşary ýurt duşmançylygy, hoşniýetsizlik we rasizm ýaly jemgyýetçilik keseller bilen baglanşykly habarlylygy artdyrmaga mejburdyklaryny aýan etdi.

Esasan hem ISIPAB, Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlamentar bileleşigine agza bolmaýan ýurtlarda ýaşaýan musulman azlyk jemgyýetleriniň agressiýa, zuluma we adaty adam hukuklary bilen bagly düzgün bozmalara sezewar galýandygyny aýdan Şentop: "ISIPAB" hökmünde şol meseleleriň üstünde işlemäge, şol doganlarymyza elimizi uzatmaga, olaryň sesi bolmaga, başyndan geçirýän kynçylyklaryny aýtmaga mejburdyrys" diýip habar berdi.

 



Degişli Habarlar