Prezident Erdogan: "Ýewropa Bileleşiginiň Kawala bilen bagly kararyny ykrar etmeýäris" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Katara guran saparyndan gaýdyşyn, metbugat işgärlerine güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soraglaryna jogap berdi

1744716
Prezident Erdogan: "Ýewropa Bileleşiginiň Kawala bilen bagly kararyny ykrar etmeýäris" diýdi

Prezident Erdogan, Kataryň Emiri Şeýh Temimiň çakylygyna laýyklykda Ýokary Strategik komitediniň 7-nji maslahatyny Doha şäherinde geçirendiklerini ýatladyp: "Şeýh Temim bilen ikiçäk we toparara bolmak bilen örän netijeli gepleşikler geçirdik. Katar bilen hyzmatdaşlygyň berkidilmegi we täze ugurlary öz içine aljak derejede ikitaraplaýyn ygtyýarymyzy tassyklap geçdik" diýip habar berdi. 

Beýleki tarapdan Ýewropa Bileleşiginiň ýerine ýetirijiler komitedi hökmünde atlandyrylýan Ministrler komitediniň işewür adam Osman Kawala bilen baglanşykly Türkiýä düzgün bozmak bilen bagly jeza berendigini ýatladan Prezident Erdogan: "Biziň kazyýet organymyzyň beren kararynyň ýokarsynda biz Ýewropa Bileleşiginiň kararyny ykrar etmeýäris. Näme bilýän bolsalar, şony hem etsinler" diýip nygtap geçdi. 



Degişli Habarlar