TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop Rumyniýany Milli güni bilen gutlady

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Mustafa Şentop, Rumyniýany Milli güni bilen gutlady

1741422
TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop Rumyniýany Milli güni bilen gutlady

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop, Rumyniýanyň Wekiller mejlisiniň başlygy Ion Marsel Çolaka we Rumyniýanyň Senadynyň başlygy Florin Wasile Sitä Rumyniýany Milli güni mynasybetli gutlag hatyny ugratdy. 

Mustafa Şentop gutlag hatynda, Rumyniýanyň Wekiller mejlisiniň başlygy Ion Marsel Çolakuny we Rumyniýanyň Senadynyň başlygy wezipesine täze saýlanan Florin Wasile Situny gutlap, olary Rumyniýany Milli güni bilen gutlaýandygyny beýan etdi. 

Kökli bir geçmişden güýç alýan iki ýurdyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik hyzmatdaşlyk derejesine ýetirilmeginiň, şu ýyl 10-njy ýylyny belläp geçýändiklerini aýdan Mustafa Şentop: "Bu tapgyrda ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň ählitaraplaýyn ýokary derejä ýetirilmeginden we parlamentlerimiziň arasyndaky bar bolan hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn derejede we Ýewropa Bileleşigi başda bolmak bilen köptaraplaýyn platformalarda güýçlenip, dowam etmeginden hoşaldyryn" diýip habar berdi.



Degişli Habarlar