TİKA, Owganystandaky Ýetimhanalara Kömek Bermäge Dowam Edýär

“Owganystandaky Aladdin Gyzlar we Taýýi Mesken ýetimhanalaryna 3 aý ýeter ýaly azyk we arassaçylyk serişdeleri kömegini berdik”

1738317
TİKA, Owganystandaky Ýetimhanalara Kömek Bermäge Dowam Edýär

TİKA, Owganystanyň paýtagty Kabulda Alaadin Gyzlar we Taýýi Mesken ýetimhanalaryna azyk we arassaçylyk serişdeleri kömegini berdi.

TİKA-nyň Kabuldaky merkeziniň utgaşdyryjysy Zühtü Çal, Owganystandaky ýetimhanalara berýän kömekleri hakynda maglumat berdi.

Çal, “Owganystandaky Aladdin Gyzlar we Taýýi Mesken ýetimhanalaryna 3 aý ýeter ýaly azyk we arassaçylyk serişdeleri kömegini berdik” diýdi.

Çal, “TİKA, Owganystana ynsanperwer kömegini bermäge dowam eder” diýip belledi.

Owganystandaky Ýetimhanalaryň müdüri Feýzan Ahmed Kaker, Türkiýä berýän kömekleri üçin sagbolsun aýtdy.

Aladdin gyzlar ýetimhanasynda 220, Taýýi Mesken ýetimhanasynda bolsa 180 çaga bar.

Owganystanda 40 ýyla golaý dowam edýän söweş müňlerçe zenanyň dul galmagyna we çagalaryň hem ýetim galmagyna sebäp boldy.

Resmi görkezijilere görä ýurtda 500 müň dul zenan bar. Ýetimleriň sany bolsa 1 million 500 müňe golaý.

Talibanyň hökümeti ele geçirmeginden soň ýetimhanalarda 9 müň 319 çaga bardy.

Ykdysady kriz sebäpli şol çagalardan 3 müň 566-nyň dogan-garyndaşlarynyň öýlerine ugradylandygy nygtalýar.



Degişli Habarlar