Türkiýe, Bolgariýa we Demirgazyk Makedoniýa Gynanç Bildirdi

Awtobus heläkçiligi we garrylar öýünde bolan ýangyn sebäpli, Bolgariýa we Demirgazyk Makedoniýa gynanç bildirildi

1737455
Türkiýe, Bolgariýa we Demirgazyk Makedoniýa Gynanç Bildirdi

Türkiýe, Bolgariýada bolan awtobus heläkçiligi we garrylar öýünde bolan ýangyn sebäpli gynanç bildirdi

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Bolgariýanyň Warna şäherindäki garrylar öýünde bolan ýangyn we Pernik şäheriniň golaýynda Demirgazyk Makedoniýa degişli ýolagçy awtubosunyň heläkçilige uçramagy sebäpli köp sanly adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna gynanç bildirildi.

Beýannamada, “Heläkçiliklerde ýogalanlaryň hossarlaryna, Bolgariýanyň we Demirgazyk Makedoniýanyň hökümetlerine we halkyna duýgudaşlyk bildirýäris, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris” diýildi.

NOWA telewideniýesiniň berýän habaryna görä, Sofýanyň günbatarynda Pernik şäheriniň golaýynda ýerleşýän Bosnek obasynda Demirgazyk Makedeoniýa degişli awtobus heläkçilige uçrady. Heläkçiligiň yzy ýanyndan ýanmaga başlan awtobusda Demirgazyk Makedoniýaly 12-i çaga 46 adam ýogaldy.

Bolgariýanyň gündogarynda Garadeňiziň kenarynda ýerleşýän Warna şäheriniň Roýak obasynda garrylar öýünde bolan ýangynda hem 9 adam ýogalypdy.



Degişli Habarlar