Çawuşogly ÝB Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Shinas bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Ýewropa Bileleşigi Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Margaritis Shinas bilen Ankara şäherinde duşuşyk geçirdi

1735845
Çawuşogly ÝB Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Shinas bilen duşuşyk geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Margaritis Shinas bilen geçiren duşuşygyny özüniň Twitter hasabyndan beýan etdi. 

Ministr Mewlüt Çawuşogly: "Ýewropa Bileleşigi Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Margaritis Shinas bilen Belarussiýa başda bolmak bilen sebitimizdäki bikanun göç meselelerini ara alyp maslahatlaşdyk" diýip habar berdi. 

ÝB-niň Türkiýe Delegasiýasyndan alynan maglumata görä, Margaritis Shinasyň şu gün Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý bilen duşuşyk geçirmegine, Içeri işler ministri Süleýman Soýlu bilen bolsa maslahat geçirmegine garaşylýar. 



Degişli Habarlar