Mewlüt Çawuşogly Moldawiýa sapar gurar
Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Moldawiýa sapar gurar
Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Moldawiýanyň Daşary işler we Ýewropa bilen integrasiýa ministri Niku Popeskunyň çakylygyna laýyklykda Kişinew şäherine sapar gurajakdygy habar berildi.
Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň saparynyň çäginde Moldawiýanyň Daşary işler we Ýewropa bilen integrasiýa ministri Niku Popesku bilen duşuşyk geçirmegine, mundan başgada Prezident Maia Sandu, Parlamendiň başlygy Igor Grosu we Premýer ministr Natalia Gawrilita tarapyndan kabul edilmegine garaşylýar.
Degişli Habarlar
Prezident Erdogan, Gollandiýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Wahdettin köşgünde bolan kabul edilşik metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.
TRT Ispan Digital Habar Platformasy Düşümli Bolsun
TRT Ispan digital habar platformasy dabaraly ýagdaýda açyldy.